ABŞ Hamasa zamun alnanlaryň ählisiniň yzyna gaýtarylmagyny teklip edýär

Duşuşyk zamun alnanlar Rom Braslawskiý bilen Ewiatar Deýwidiň täze wideosynyň peýda bolmagynyň fonunda, dartgynly ýagdaýda geçirildi.

Birleşen Ştatlar Ysraýyla Hamas, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy diýlip kesgitlenen topar bilen "hemmesi ýa-da hiç zat" görnüşinde, ýagny Ysraýylyň zamun alnan 50 adamyň ählisiniň birbada Gaza zolagyndan yzyna berilmeginiň deregine urşy bes etmegi barada gepleşik geçirilmegini teklip edýär.

Bu sözleri ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff aýtdy. Onuň sözlerine görä, Hamas bilen gepleşikleriň maksady urşy giňeltmek däl-de, ony bes etmekden ybarat.

Witkoff altynjy gün, 2-nji awgustda Tel Awiwde zamun alnan ysraýyllylaryň maşgala agzalary bilen duşuşyp, tussaglykda saklanylýan adamlaryň öýlerine dolanmagyny isleýändigini, gazalylaryň bolsa, munuň zolagyň gaýtadan dikeldilmegi üçin ädim boljakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Duşuşyk zamun alnanlar Rom Braslawskiý bilen Ewiatar Deýwidiň täze wideosynyň peýda bolmagynyň fonunda, dartgynly ýagdaýda geçirildi. Wideoýazgydan görnüşiňe görä, zamun alnanlaryň ikisi-de gaty horlanan we örän agyr ýagdaýda.

Ewiatar Deýwid Hamas tarapyndan ýaýradylan wideoýazgyda "birnäçe gün bäri hiç zat iýmändigimi ...maňa zordan agyz suwy berildi" diýýär. Soňra ol wideoda ýeri gazmaga başlaýar we özüne gabyr gazýandygyny düşündirýär.

Zamunlaryň garyndaşlary bolup geçýän wakalary "häzirki Holokost" diýip atlandyrýarlar we Ysraýyl häkimiýetlerini syýasy ýalňyşlyklarda, gepleşikleri yza çekmekde we anyk çäreleriň bolmazlygynda günäkärleýärler.

Hamas, Ysraýylyň Gaza zolagyndaky “okkupasiýasy” (basyp alyşlary) dowam edýän wagtynda, öz ýaraglaryny goýmajakdygyny aýtdy.

Gurama ýolbaşçylarynyň biri Razi Hamed garaşsyz Palestina döwletini döretmegiň zerurdygyny, onuň paýtagtynyň Iýerusalim bolmalydygyny aýtdy we, Hamasyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla eden hüjümi dünýäniň "Palestina meselesine gözüni açdy" diýdi.