Moskwanyň eteginde ýerleşýän Krokus şäher zalynda geçen ýyl bolup geçen terror hüjümi boýunça, aglabasy Täjigistandan bolan, 19 güman edilýäniň kazyýet işi, hüjüm sebäpli Merkezi Aziýadan bolan migrantlara garşy batlanan gahar-gazabyň arasynda, 4-nji awgustda başlandy.
2024-nji ýylyň mart aýynda bolup geçen hüjümde 140 adam öldi, 550-den gowrak adam şikeslendi. Bu, Russiýada ençeme ýyllaryň dowamynda bolup geçen iň agyr hüjüm boldy. Esasan Merkezi Aziýalylaryň arasyndan adam toplamakda tanalýan “Yslam döwleti – Horasan” (YD-H) bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Kazyýet resminamalaryna görä, hüjüme gatnaşmakda aýyplanýan we ählisi täjigistan raýatlary bolan dört adama hem-de olaryň 15 ýaranyna terror hüjümine ýardam bermekde, türgenleşik geçmekde, guramalaşdyrmakda we gatnaşmakda günä bildirilýär.
4-nji awgustda jemgyýetçilige açyk yglan edilen kazyýet işine Ikinji günbatar etrap Harby kazyýetiniň üç agzadan ybarat topary garar. Bilermenler kazyýet işinde esasy diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegine garaşylýandygyny, şonda subutnamalaryň hödürlenjekdigini aýdýarlar.
Degişli maglumat HRW: Täjigistanly migrantlar Russiýada özlerine garşy duşmançylygyň artýandygyny aýdýarlarAdam hukuklary boýunça aktiwistler hüjümden bir gün soňra ele salnan güman edilýänlerde polisiýa tarapyndan ýenjilmek alamatlarynyň bolandygyna salgylanyp, kazyýet işi adalatly bolmaz diýip, howatyr edýärler. Şonda olaryň biriniň gulagy kesilen halda görnüpdi.
“Kadaly, demokratik ýurtlarda bu asla beýle bolmazdy – terror hüjüminde güman edilýän adamlar ýenjilip, boýun aldyryldy we olar (häkimiýetler) muny gizlejegem bolmaýarlar” diýip, adam hukuklary boýunça aktiwist Karimjan Ýorow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtdy.
Beýlekiler polisiýanyň ilteşiklik boýunça günä bildirme çemeleşmesinden ugur alyp hereket edýändigini aýdýarlar we tutulan ýaranlaryň, hakykatdan-da, jenaýata gatnaşyp-gatnaşmandyklaryny soraga astyna alýarlar.
Polisiýa olaryň käbirlerine hüjüme gatnaşandyklary aýdylýan adamlara jaýlaryny kireýine bermekde günä bildirdi.
“Meniň pikirimçe, olar günä ýassyklaryny topladylar” diýip, Federal howpsuzlyk gullugynyň öňki ofiseri, ozal Döwlet Dumasynda deputat bolan hem-de Kremliň sanlyja tankytçylarynyň biri bolan Gennadi Gudkow aýtdy.
“Olaryň etmişiniň derejesine düşünmek kyn. Mende şu kazyýet işi hakyky derňew işini geçirmezlige bahana hökmünde geçirilýän ýaly duýgy bar” diýip, ol belledi.
2024-nji ýylyň martynda ilkinji gezek kazyýete çykarylanda ýenjilen ýaly bolup görnen hüjümçileriň etniki gelip çykyşy Russiýada adamlaryň etniki taýdan ýekirilmeginiň hem-de merkezi aziýalylaryň eden-etdilikli tussag edilmeginiň gürelmegine getirdi, şeýle-de aşa-sagçy milletçi toparlar tarapyndan ýerine ýetirilýän senofobiýa we ýowuzlyk hadyslarynyň artmagyna alyp geldi.
Degişli maglumat “Crocus” heläkçiliginden bir ýyl soň: Merkezi Aziýadan bolan migrantlar Russiýada gysyşlara we yzarlamalara duçar bolýarlarRus häkimiýetleri 2024-nji ýylyň tomsunda polisiýa edarasyna migrantlary kazyýet kararlary bolmazdan ýurtdan çykarmaga has giň ygtyýar berip, kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizdiler.
Bu aralykda, Human Rights Watch guramasynyň wideo subutnamalary gurluşyk, bejeriş we hyzmatlar ulgamynda işleýän merkezi aziýaly erkek adamlara slawýanlara çalymdaş ýaş erkekler tarapyndan edilýän utgaşykly fiziki hüjümlere ünsi çekdi.
“Rus häkimiýetleri şeýle senofob hereketleri ýazgarman, Merkezi Aziýadan bolan migrantlary nyşana almagy güýçlendirdiler” diýip, HRW guramasynyň 2025-nji ýylyň mart aýynda çap edilen hasabatynda aýdyldy.
Russiýa esasan migrantlaryň zähmetine garaşly bolup, bu ýurtda 3,3 milliona golaý merkezi aziýaly işçi bar.
Olaryň ykdysady ähmiýetine garamazdan, rus resmileri Merkezi Aziýadan ýurda girýän adamlara basyşlary güýçlendirmegi dowam edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.