Tramp Witkoffyň gelýän hepde Russiýa syýahat etmeginiň ahmaldygyny aýdýar

2-nji awgust. Donetsk sebitiniň ýangyn söndürijileri zarba urlan şäherde ýangyn söndürýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz ýörite wekiliniň, Stiw Witkoffyň 6-njy ýa-da 7-nji awgustda, urşuň bes edilmegi ýa-da nebit eksportyna garşy giriziljek sanksiýalar boýunça bellän täze möhletiniň soňky günleriniň öň ýanynda Russiýa syýahat edip biljekdigini aýtdy.

Tramp biraz öň Witkoffy Ysraýyla eden saparyndan soň Moskwa iberjekdigini aýdypdy, ýöne belli bir sene görkezmändi.

Tramp 3-nji awgustda žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde, eger-de Moskwa 8-nji awgusta çenli Ukrainadaky uruşda atyşygyň bes edilmegine razy bolmasa, özüniň sanksiýa girizjekdigini ýene-de bir gezek duýdurdy.

"Sanksiýalar giriziler, ýöne sanksiýalardan sowulmak has gowy ýaly bolup görünýär" diýip, Tramp aýtdy. "Olar hilegär adamlar we sanksiýalardan sowulmaga gaty ökdelediler. Biz indi näme boljagyny göreris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Görnüşinden, rus nebitini iň uly iki alyjysyna, Hytaýa we Hindistana garşy ikinji derejeli paçlar giriziler.

Kiýew we Moskwa, Tramp tarapyndan bellenen soňky möhletden öň, bir-birine garşy zarba urdy.