Zaporižiýa sebitine urlan zarbalar üç adamy öldürdi

Arhiw suraty

Ruslaryň awiasiýa, pilotsyz uçarlar, raketalar we artilleriýa bilen Zaporižiýa sebitine uran zarbasy üç adamyň ölmegine, ýaşaýyş jaýlaryna, infrastruktura we ulaglara uly zyýan ýetirdi diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Iwan Federow aýtdy.

Öten agşam rus pilotsyz uçarlarynyň uran zarbalary Odesa sebitinde uly ýangyn turmagyna sebäp boldy, radio bazaryndaky onlarça dükany ýykdy we umumy ýaşaýyş jaýyna, hususy jaýa zyýan ýetirdi diýip, Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy aýtdy.

Sebit häkimi Oleksandr Prokudiniň sözlerine görä, 4-nji awgust güni irden Hersonyň eteginde rus artilleriýa hüjümi netijesinde bir adam wepat boldy.

Russiýanyň howa goragçylary öten agşam Wolgograd sebitiniň ulag we energiýa infrastrukturasyna gönükdirilen giň gerimli pilotsyz uçar hüjümleriniň öňüni aldy, ölen, ýaraly bolan adamlar barada habar berilmedi diýip, Wolgograd sebitiniň gubernatory Andreý Boçarow aýtdy.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşam Ukrainanyň 61 pilotsyz uçarynyň, şol sanda Gara deňziň üstünde 18, Woronež sebitinde 12, Wolgograd sebitinde 6 dronyň urlandygyny habar berdi.